Turkmenportal logo
Şu gün 09:48
1164211642
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Saud Arabystanynyň iň uzak ýaşly raýaty 142 ýaşynda aradan çykdy
Saud Arabystanynyň iň uzak ýaşly raýaty 142 ýaşynda aradan çykdy
Surat: runews24.ru

Saud Arabystanynyň iň uzak ýaşly raýaty Naser al-Wadai 142 ýaşynda aradan çykdy diýip, «MIR 24» habar berýär.

 Ol uly maşgalanyň başydyr, yzynda 134 nesli galdy (çagalary, agtyklary we çowluklary). Al-Wadainiň patasyna 7 müňe golaý adam ýygnandy, soňra ony dogduk obasyndaky gonamçylykda ýerlediler.

Naser al-Wadainiň häzirki zaman Saud döwletiniň esaslandyrylmagyndan hem öň dünýä inendigi aýdylýar. Golaýlary onuň takwa adam bolandygyny hem-de Mekgä 40 gezek haja gidendigini gürrüň berýärler. Ol hatda ömrüniň ahyrky ýyllarynda-da durmuşa höwesli, ýiti aňly bolupdyr.

 Emma Naseriň uzak ýaşy resmi taýdan ykrar edilmedikdir. Dünýäde heniz şeýle rekord hasaba alnanok. Häzirki wagtda Ýerde iň uzak ýaşly adam 116 ýaşly Etel Keýter hasaplanýar. Ol Birinji jahan urşundan bäş ýyl öň dünýä inipdir. Keýter özüniň uzak ömrüniň syryny hemişe gapma-garşylykdan gaçandygy, hiç kim bilen jedelleşmändigi hem-de öz göwnüne hoş ýakýan işler bilen meşgullanandygy bilen düşündiripdir.