Turkmenportal logo
Düýn 21:54
1348113481
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşary ýurtly kärdeşleri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli gutlaýarlar
Daşary ýurtly kärdeşleri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli gutlaýarlar
Surat: Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýýa Sandu, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Daniýanyň Patyşasy Frederik X Täze ýyl mynasybetli gutladylar hem-de bagtyýarlygyň, rowaçlygyň höküm sürmegini, täze ýylyň parahatçylyga, raýdaşlyga, umumy däplere we gymmatlyklara ygrarlylygy pugtalandyrjak ýyllaryň biri bolmagyny arzuw etdiler.