Türkmenistanly işläp düzüjiler tarapyndan döredilen Ýönekeý marketpleýsi Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň ýaşaýjylaryna Hytaýdan dürli görnüşli harytlary onlaýn tertipde — 20–30 manat aralygyndaky bahalardan başlap, amatly eltip bermek hyzmaty bilen sargyt etmäge mümkinçilik berýär.
Platformanyň wekilleriniň bellemeklerine görä, Ýönekeý harytlar sanawynda gündelik islegli ýüzlerçe haryt elýeterli bahadan hödürlenýär.

Iň köp isleg bildirilýän we arzan bahaly harytlaryň hatarynda şular bar:
smartfonlar üçin daşlyklar;
zarýad beriji kabeller we adapterler;
gulaklyklar (nauşnikler);
aşhana esbaplary;
gap-gaçlar;
kanselýariýa harytlary;
çagalar üçin oýnawaçlar;
kosmetiki esbaplar;
öý üçin we arassalaýyş harytlary;
awtoulag esbaplary.
Mundan başga-da, platformada ähli pasyllar üçin erkekler, zenanlar we çagalar üçin egin-eşikler hem-de aýakgaplar, hojalyk tehnikasy, sport harytlary, saz gurallary, bezeg we ideg kosmetikasy, hojalyk himiýasy we başga-da köp sanly önümler elýeterlidir.
Ýönekeý kompaniýasynyň aýratyn artykmaçlyklarynyň biri hem telekeçiler üçin döredilen mümkinçiliklerdir. Harytlaryň satuwy bilen meşgullanýan ulanyjylar öz önümlerini YONEKEY programmasynda ýerleşdirip, olary 150 müňden gowrak ulanyjydan ybarat müşderiler hödürläp bilýärler.
Harytlary eltip bermek iki görnüşde amala aşyrylýar: uçar arkaly eltip bermek — 7 günden 14 güne çenli; awtoulag logistikasy arkaly — 30 günden 45 güne çenli.
Marketpleýsiň hyzmat ediş nokatlary ýurduň üç şäherinde — Aşgabatda, Maryda we Türkmenabatda ýerleşýär. Şeýle-de harytlary sebitlere eltip bermek hyzmaty hem elýeterlidir.
Harydy saýlamak we sargyt etmek üçin hasaba durmak zerur däl: diňe islenýän önümi saýlap, degişli parametrleri görkezmek, ony sebetde ýerleşdirmek we aragatnaşyk maglumatlaryny doldurmak ýeterlikdir. Töleg Türkmenistanyň milli walýutasynda bank kartlary arkaly onlaýn görnüşde ýa-da nagt görnüşde amala aşyrylyp bilner.

YONEKEY platformasy yonekey.com resmi web-saýtynda, şeýle-de aşakda görkezilen ykjam programmalar arkaly elýeterlidir:
Öz onlaýn dükanyny açmak isleýän ulanyjylar üçin satuw360.com atly aýratyn hyzmat hödürlenýär. Bu platforma sanly görnüşde satuwy ýola goýmak we dolandyrmak üçin niýetlenendir.
