Turkmenportal logo
Şu gün 11:40
44524452
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetinde AELLCA maksatnamasynyň çäklerinde hünär kämilleşdiriş okuwy geçirildi
Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetinde AELLCA maksatnamasynyň çäklerinde hünär kämilleşdiriş okuwy geçirildi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Merkezi Aziýada iňlis dilini okatmagy tizleşdirmek» (AELLCA) maksatnamasynyň çäklerinde hünär derejesini kämilleşdiriş okuwy geçirildi. Çäre Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda guraldy.

Iş sapary bilen Türkmenistana Westminster uniwersitetiniň professorlary Endrýu Linn we Anastasiýa Bezborodowa geldiler. Hünärmenler türkmen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary üçin iňlis dilini okatmagyň usullary hem-de inklýuziw bilim meseleleri boýunça kämilleşdiriş okuwlary we maslahatlary geçirdiler. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary üçin geçirilen kämilleşdiriş okuwyndan başga-da, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda usuly maslahat hem guraldy.

Westminster uniwersiteti bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti AELLCA maksatnamasyny bilelikde durmuşa geçirýärler. Geçen ýyl ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Maksatnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň tejribesine bagyşlanan ylmy makalalary çap etmek meýilleşdirilýär.

Saparyň dowamynda uniwersitete «Merkezi Aziýada iňlis dilini okatmagy tizleşdirmek» maksatnamasyna gatnaşýandygyny tassyklaýan ýörite şahadatnama gowşuryldy.

Ozal britan hünärmenleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem şuňa meňzeş kämilleşdiriş okuw-seminaryny geçiripdiler.