Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Hindistanyň Aşgabatdaky ilçisi Bandar Wilsonbabu bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Hindistanyň ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.