Türkmenistanda Saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda öňde boljak saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek hem-de geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Mejlise Saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary bilen bir hatarda Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň we ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň jogapkär işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, saýlaw okruglary boýunça ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ygtyýarlykly möhletinden öň çykyp giden welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny 2026-njy ýylyň 29-njy martynda ýekşenbe gününde geçirmek bellenilipdi.
Mejlisde pikir alyşmalaryň netijesinde, saýlaw möwsüminiň 2026-njy ýylyň 15-nji fewralyndan başlaýandygy yglan edildi. Şeýle hem okruglaryň we uçastoklaryň çäklerini kesgitlemek bilen bagly meselelere garaldy hem-de hereket edip gelýän okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň düzümi seljerildi. Şunuň bilen bir hatarda, saýlawlar boýunça taýýarlanan gollanmalar tassyklandy. Mundan başga-da, saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahatlaryny geçirmek meýilleşdirildi.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
