Turkmenportal logo
14.01.26
2667726677
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Özbegistana şokolad eksport etmekde öňdebaryjy ýurtlaryň biri 

2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistan Özbegistana şokolad önümlerini eksport etmekde öňdebaryjy ýurtlaryň biri boldy. 

Özbegistanyň Milli statistika komitetiniň habar bermegine görä, hasabat döwründe Türkmenistan özbek bazaryna 463,1 tonna şokolad önümlerini iberipdir. Şeýlelikde, Türkmenistan goňşy ýurduň şokolad importynda Russiýadan (14 müň tonna), Niderlandlardan (1,4 müň tonna), Ukrainadan (839,1 tonna) we Gazagystandan (583,5 tonna) soňra bäşinji ýeri eýeledi. 

Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň 11 aýynda Özbegistan 32 ýurtdan umumy bahasy 66,2 million amerikan dollaryna deň bolan 19,1 müň tonna şokolad önümlerini satyn alypdyr.