Braziliýaly futbolçy Neýmar da Silwa Santos Žunior Braziliýanyň demirgazyk-gündogarynda uly göwrümli «akylly şäher» döretmek taslamasynyň üstünde işleýändigini tassyklady.
Yop L-frii neşiri tarapyndan ýakynda çap edilen söhbetdeşliginde türgen şeýle diýýär: «Men Saud Arabystanyny, onuň ýaşaýyş derejesini, restoranlaryny we beýleki zatlaryny küýseýärin. Men häzir Braziliýada akylly şäheri gurmaklygyň üstünde işleýärin. Şeýle hem Saud Arabystanynda ýene birini gurmagy maksat edinýärin. Ony öz adym bilen atlandyrmak isleýärin». CPG neşiriniň berýän maglumatyna görä, gurluşyk işleri eýýäm başlanypdyr. Taslama futbolçynyň kakasyna degişli kompaniýa tarapyndan amala aşyrylýar.
Täze dynç alyş şäherini Alagoas we Pernambuku ştatlarynyň çäginde, Atlantik ummanynyň kenarynda takmynan 100 kilometr uzynlygyndaky ýer böleginde ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Toplumyň düzümine aşakdakylar girer:
premium derejeli 28 sany ýaşaýyş toplumy;
myhmanhanalar;
sport desgalary;
abadanlaşdyrylan kenar ýakalary;
kaşaň dynç alyş zolaklary.
Taslamanyň umumy bahasy takmynan 1,43 milliard ABŞ-nyň dollary diýlip çaklanylýar. Gurluşyk işlerini 2037-nji ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.
