Turkmenportal logo
Şu gün 13:08
44374437
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýagşymyradow Maýamide Aliskerow bilen bilelikde türgenleşýär
Ýagşymyradow Maýamide Aliskerow bilen bilelikde türgenleşýär

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow häzirki wagtda Maýami şäherinde russiýaly türgen Ikram Aliskerow bilen bilelikde türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Bu barada Aliskerowyň sosial torlardaky sahypasynda ýerleşdiren wideosyndan belli boldy.

Ikram Aliskerow — dagystanly, UFC-niň orta agram derejesinde çykyş edýän 32 ýaşly russiýaly türgenidir. Ol söweş sambosy boýunça halkara derejeli sport ussadydyr. Onuň göreş boýunça sport ýolundaky hasabynda 16 ýeňiş we iki ýeňliş bar. Aliskerow soňky tutluşygyny 2025-nji ýylyň 27-nji aprelinde geçirip, braziliýaly Andre Munisi birinji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňdi.

Döwletjan Ýagşymyradowyň soňky tutluşyklary

2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Dubaýda PFL Champions Series 3 ýaryşynyň çäklerinde ýarym agyr agram derejesinde amerikan söweşijisi Kori Anderson bilen Döwletjan Ýagşymyradowyň arasynda çempionlyk söweşi geçirildi. Söweş eminleriň biragyzdan kabul eden karary bilen (48–47 we iki gezek 49–45 hasaplary bilen) amerikaly türgeniň peýdasyna tamamlandy.

Bu ýeňişden soň Kori Andersonyň hasabynda 20 ýeňiş, alty ýeňliş we bir geçirilmedik söweş bar. Döwletjan Ýagşymyradowyň statistikasyna görä bolsa, onuň 25 ýeňşi, sekiz ýeňlişi we bir deňme-deňligi bar.

Bu iki söweşiji ozal hem duşuşypdylar: 2021-nji ýylyň aprelinde geçirilen Bellator 257 ýaryşynda Anderson üçünji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňiş gazanypdy.

2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Döwletjan Ýagşymyradow Professional Fighters League ýaryşynyň ýarym agyr agram derejesindäki Gran-pri baýragynyň finalynda amerikaly Impa Kasanganany ýeňipdi. Tutluşyk Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen PFL 10 Finals ýaryşynda bolup, ol birinji raundyň 58-nji sekundynda nokaut bilen tamamlandy.

Gran-pride gazanan ýeňşi üçin türkmen türgeni 1 million ABŞ-nyň dollary möçberinde baýraga mynasyp boldy. Şol wagt Kasangananyň hasabynda 14 ýeňiş we bäş ýeňliş bardy.

Şu ýylyň maý aýynda Döwletjan Ýagşymyradow 37 ýaşyny doldurýar.