Turkmenportal logo
14.01.26
2257322573
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Amerikan kompaniýasy Aýdaky myhmanhananyň taslamasy bilen tanyşdyrdy

Amerikan kompaniýasy Aýda myhmanhana gurmak baradaky meýilnamalaryny köpçülige aýan etdi. Beýanata görä, desga 2032-nji ýyla çenli ulanyşa tabşyrylmagy meýilleşdirilýär — diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Bir gije üçin otagyň bahasy 416 müň ABŞ-nyň dollaryndan hem ýokary bolar.

Kompaniýa taslamanyň deslapky tanyşdyrylyşyny geljekki myhmanhananyň konseptual şekili bilen bilelikde hödürledi. Taslamanyň tehniki taýdan nähili amala aşyryljakdygy we maliýeleşdiriş çeşmeleri häzirki wagtda aýan edilmeýär.