«Lebapgazçykaryş» müdirligi boýunça önümçilik görkezijileriniň durnukly ýokarlanmagy gazçylarymyzyň tutanýerli zähmetiniň aýdyň netijesidir. 2025-nji ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça meýilnama 101 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.
Ýyl boýunça 9 milliard 300 million kub metr gaz çykarmak meýilleşdirilip, ýanwar — noýabr aýlarynda 8 milliard 516 million kub metrden gowrak «mawy ýangyç» öndürildi.
Daşary bazarlara ugradylýan tebigy gaz boýunça hem müdirlik ýokary netijeleri gazandy. Hasabat döwründe 3 milliard 368 million 988 müň kub metr gaz eksport etmek meýilleşdirilen bolsa, «mawy ýangyjyň» hakyky iberilen möçberi 4 milliard 750 million kub metrden geçdi. Şeýlelikde, eksport meýilnamasy artygy bilen ýerine ýetirildi.
Şeýle hem gaz kondensatynyň öndürilişi boýunça bellenilen meýilnamadan artyk netije gazanylyp, önümçilik derejesiniň ýokarydygy subut edildi.
Gazanylýan üstünlikleriň düýp esasynda müdirlikde zähmet çekýän 2,5 müňden gowrak işgärimiziň yhlasly we tutanýerli işi durýar diýlip, habarda bellenilýär.
