Turkmenportal logo
Şu gün 12:40
1065910659
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Çaryýew «Torpedo-BelAZ» klubyny terk etdi
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Çaryýew «Torpedo-BelAZ» klubyny terk etdi

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Teýmur Çaryýew şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň, Belarusyň «Torpedo-BelAZ» futbol klubyny terk etdi. Bu barada Žodino şäheriniň klubynyň metbugat gullugy habar berýär.

«Zähmetsöýer we sada häsiýetli türkmen dostumyz Teýmur Çaryýewe ähli tagallalary üçin el çarpyşmalar bilen minnetdarlyk bildirýäris. Teýmur geçen ýylyň başynda Belarusa geldi, möwsümiň öňüsyrasyndaky taýýarlyk döwründe özüni gowy tarapdan görkezdi we futbol ýolunda ilkinji gezek Aziýanyň daşynda oýnamak mümkinçiligini aldy» — diýip, klubda belläp geçdiler.

«Torpedo-BelAZ» klubynda çykyş eden döwründe ýarym goragçy 35 duşuşyga gatnaşyp, bir gol geçirdi we iki netijeli pas berdi. Çaryýew soňky sekiz ýylyň dowamynda Ýewropanyň kuboklary ugrundaky ýaryşlarda çykyş eden ilkinji türkmen futbolçysy boldy.

«Torpedo-BelAZ» ýaly uly klubda özümi görkezmek üçin berlen mümkinçilik üçin ähli ýolbaşçylara minnetdarlyk bildirýärin. Şeýle hem maňa uly ynam bildirendikleri üçin tälimçiler düzümine we topardaky ýoldaşlaryma aýratyn sag bolsun aýdýaryn» — diýip, Çaryýew oýnan klubyna hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň maglumatlaryna görä, futbolçy öz futbol ýoluny Gyrgyzystanyň «Bars» klubynda dowam etdirmekçidir.