Golliwudyň meşhur komik aktýory Adam Sendler özünde garrylyk alamatlaryny duýýandygyny gürrüň berdi. Onuň sözlerini «The Hollywood Reporter» neşiri getirýär: «Men gaty garradym. El telefonymdaky harplar şeýlebir ullakan welin, onuň ekranyndaky habarlary uçarda ýanymda oturan adamlaram arkaýyn okap bilerler. Kinematografiýa sungatlary we ylymlary akademiýasynyň baýragyny gowşuranlarynda, men bary-ýogy sekiz minut oýa bolup bilýärin».
59 ýaşly Sendler kinoda surata düşjekdigini we muşdaklaryny begendirjekdigini söz berip, şeýle diýdi: «Men ýene 50 filmde surata düşerin, olaryň azyndan 25-si-hä gowy kino bolar».