Turkmenportal logo
Düýn 16:41
1860018600
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2025-nji ýylda Türkmenistanyň elektron söwda ulgamynda uly ösüş gazanyldy
2025-nji ýylda Türkmenistanyň elektron söwda ulgamynda uly ösüş gazanyldy

Türkmenistanda elektron söwda düzüminiň yzygiderli ösüşi dowam edýär. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi saýtynda ýerleşdirilen maglumatlar şaýatlyk edýär.

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, häzirki wagtda dürli banklaryň üsti bilen elektron söwda ulgamyna (E-Commerce) 1 043 sany söwda nokady birikdirildi. Bular ýöriteleşdirilen internet-dükanlary we internet arkaly bank kartlaryndan töleg kabul edýän kärhanalardyr.

Elektron söwda nokatlarynyň sany boýunça «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky 571 nokat bilen öňdeligi saklaýar. «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky hem 248 nokat bilen bu ulgama uly goşant goşýar. Ulgamyň beýleki gatnaşyjylarynda görkezijiler görnüşde:

· «Türkmenistan» DTB — 110 nokat

· Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky — 37 nokat

· «Senagat» PTB — 60 nokat

· Türkmen-türk PTB — 13 nokat

· «Türkmenbaşy» PBT — 2 nokat

· «Daýhanbank» DTB — 2 nokat

Geografiki taýdan internet-nokatlarynyň agramly bölegi paýtagtda jemlenendir: Aşgabat şäheri birikdirilen 719 nokat (umumy sanyň, takmynan, 69 göterimi) bilen öňde barýar. Beýleki welaýatlarda ýagdaý şeýle:

· Lebap welaýaty — 90 nokat

· Mary welaýaty — 70 nokat

· Balkan welaýaty — 68 nokat

· Daşoguz welaýaty — 50 nokat

· Ahal welaýaty — 40 nokat

· Arkadag şäheri —6 nokat

Elektron söwda ulgamlary arkaly amala aşyrylan nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi babatda hem uly öňegidişligi görmek bolýar:

· 2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda — 2 634 893 721 manat

· 2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda — 1 435 636 141 manat

Şeýlelikde, bir ýylyň içinde internet-dükanlar we onlaýn-hyzmatlar arkaly amala aşyrylan tölegleriň möçberi, takmynan, 84 göterim (+1 199 million manat) ýokarlandy.

Türkmenistanyň bank ulgamynyň umumy sanlylaşdyrylmagynyň (bank kartlarynyň, döwrebap POS-terminallaryň we mobil bankingiň işjeň ornaşdyrylmagynyň) netijesinde elektron söwda bölegi häzirki wagtda güýçli depginler bilen ösýär.

Ýeri gelende bellesek, 2025-2026-njy ýyllarda ýurduň Hökümeti tarapyndan birnäçe strategik resminamalar, şol sanda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy kabul edildi.

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi we onlaýn-söwdany ösdürmek üçin şertleriň ýönekeýleşdirilmegi bilen, ýakyn ýyllarda internet arkaly töleg kabul edýän nokatlaryň sanynyň has-da artmagyna garaşylýar.