Turkmenportal logo
Düýn 09:34
1458014580
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly mugallyma Koreýada hünäri boýunça taýýarlyk tejribesini geçýär
Türkmenistanly mugallyma Koreýada hünäri boýunça taýýarlyk tejribesini geçýär

Türkmenistanyň Döwletmämmet Azady adyndaky Milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili mugallymy G. Saparowa Koreýa Respublikasynyň Kanwon Milli uniwersitetinde 7–15-nji ýanwar aralygynda geçirilýän Merkezi Aziýanyň ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hünäri boýunça okuw-iş tejribe maksatnamasyna gatnaşýar.

Bu maksatnama türkmen ýokary okuw mekdebi bilen Kanwon Milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda amala aşyrylýar.

Maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylar Kanwon Milli uniwersitetiniň okuw-usuly materiallaryna daýanýan koreý dilini okatmagyň netijeli usullarynyň amaly taýdan ulanylyşyny öwrenýärler. Hususan-da, koreý halk ertekilerinden, medeni mirasyň elementlerinden hem-de hakyky (autentik) okuw materiallaryndan peýdalanmak bilen, dili öwretmegiň usullaryna aýratyn üns berilýär.

Şeýle hem maksatnamanyň çäklerinde mugallymlar üçin koreý dili boýunça halkara TOPIK synagyna taýýarlyk görmek maksady bilen, okuw-usuly sapaklar guralýar.

Umuman alanyňda, meýilleşdirilen çäreler koreý dilini okatmagyň usulyýetini ösdürmäge, mugallymlaryň hünär mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de halkara bilim hyzmatdaşlygynyň çäklerinde dil biliminiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu bolsa maksatnama gatnaşyjylar üçin onuň amaly we ylmy-usuly ähmiýetini aýratyn artdyrýar.