8-nji ýanwarda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoý ýurduň Hökümetiniň wekilleri bilen birnäçe ugurlar boýunça geljekki hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada ilçihananyň saýtynda habar berilýär.
Hususan-da, oba hojalygy boýunça wise-premýer Taňryguly Atahallyýew bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň Belarusyň agrosenagat hepdeligine we «BELAGRO — 2026» XXXVI halkara ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmagy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar weterinariýa, tohumçylyk we maldarçylyk ulgamyna ýöriteleşdirilen oba hojalygy boýunça ylmy guramalaryň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet, syýahatçylyk we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça orunbasary Bahar Seýidowa bilen geçirilen duşuşykda taraplar özara Medeniýet günlerini, sergileri we beýleki çäreleri geçirmek, şeýle hem syýahatçylyk pudagyny ösdürmek üçin Minsk bilen Aşgabadyň arasynda göni howa gatnawlaryny dikeltmek meselesini maslahatlaşdylar.

