Turkmenportal logo
09.01.26
2483224832
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Fulbraýt maksatnamasyna gatnaşmak üçin bäsleşik yglan etdi
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Fulbraýt maksatnamasyna gatnaşmak üçin bäsleşik yglan etdi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026–2027-nji okuw ýyly üçin Fulbraýt maksatnamasynyň «Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek» atly ugry boýunça açyk bäsleşigi yglan etdi.

Bu maksatnama mugallymlara öz hünär başarnyklaryny ösdürmäge hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary barada bilimlerini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Maksatnama gatnaşýanlar 2027-nji ýylyň ýanwarynda ýa-da sentýabrynda başlanjak alty hepdelik okuw maksatnamasy üçin ABŞ-a ugradylar.

Dalaşgärler doly görnüşdäki arzany tabşyrmaly we aşakdaky talaplara laýyk gelmeli:

Iň azyndan 5 ýyllyk iş tejribesi bolan (doly iş güni) orta mekdeplerde ýa-da dil merkezlerinde häzirki wagt işläp ýören mugallymlar bolmaly. Olar şu ugurlar boýunça iş alyp barýan bolmaly: iňlis dili, matematika, tebigy ylymlar, jemgyýetçilik ylymlary, žurnalistika, kommunikasiýa, STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika), ýörite bilim we esasan ýerli ilata hyzmat edýän beýleki okuw edaralary;

12 ýaşdan 18 ýaşa çenli okuwçylara sapak berýän orta we ýokary synp mugallymlary bolmaly. Kiçi synplar bilen bilelikde işlenilýän ýagdaýlarda, olaryň iş wagty umumy iş möçberiniň azyndan 50 göterimi bolmaly;

Maksatnama tamamlanandan soň hem azyndan 5 ýyl mugallymçylyk işini dowam etdirmegi meýilleşdirýän, işjeň mugallymlar bolmaly;

Arza tabşyrylan hem-de maksatnama gatnaşylan pursatynda Türkmenistanyň raýaty bolup, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan bolmaly.

Arzalar 2026-njy ýylyň 15-nji fewralynda sagat 23:59-a çenli AshgabatEducation@state.gov elektron poçta salgysynda kabul edilýär.

Maksatnama barada has giňişleýin maglumatlary ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.