Turkmenportal logo
09.01.26
3174831748
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýakyn günlerde Aşgabatda geçiriljek medeni çärelerine synymyz
Ýakyn günlerde Aşgabatda geçiriljek medeni çärelerine synymyz

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşirinde çap edilen paýtagtymyzyň şu dynç alyş günlerinde geçiriljek medeni çäreleriň sanawyny hödürleýäris.

Aşgabadyň ýaşaýjylary we paýtagtymyzyň myhmanlary gyşky dynç alyş günlerinde «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada geçirilýän baýramçylyk çärelerine gatnaşyp bilerler. Bu ýerde ertekileriň gahrymanlary we hiňňildikli attraksion meýdançasy gyzykly hem şowhunly oýunlary bilen bu ýere gelenlere şatlyk paýlar.

Döwlet sirki bolsa tomaşaçylary Aýaz babanyň we Garpamygyň gatnaşmagynda täze ýyl şowhunyna çagyrýar.

«Aşgabat» kinoteatrynda bolsa täsirli görkezişler bolar:

10-njy ýanwarda, sagat 17:00-da – režissýor Ýuriý Hmelniskiý tarapyndan surata düşürilen rus «Alisa Täsinler ýurdunda» atly erteki-filmi görkeziler. Bu Lýuis Kerrolyň ady bir eseriniň häzirki zaman ekranlaşdyrylyşy bolup, onda Anna Peresild, Miloş Bikowiç, Oleg Sawostýuk we Irina Gorbaçýowa dagy çykyş edýär.

10-njy ýanwarda, sagat 19:00-da – «Çeburaşka 2» komediýa filmi görkeziler. Bu film 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda giň tomaşaçylar köpçüligine hödürlendi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolsa 9-njy ýanwarda, sagat 19:00-daRasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda döwlet simfoniki orkestriniň «Täze ýyl yşygy» atly konserti geçiriler.

Aşgabadyň teatrlary hem şu dynç alyş günlerinde öz tomaşaçylaryna garaşýar. Teatrlaryň repertuarlary bilen şu salgylanmadan tanşyp bilersiňiz.