Hindi̇stan Türkmenistany öz giňeldilen hoşniýetli goňşuçylyk giňişliginde ýakyn hyzmatdaş hökmünde görýär hem-de maglumat tehnologiýalary, derman senagaty, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda öz tejribesini paýlaşmaga taýýardyr. Bu barada Hindi̇stanyň Türkmenistandaky ilçisi Bandaru Wilsonbabu Bütindünýä hindi dili güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen dabaradaky çykyşynda nygtady.
«Hindi̇stan Türkmenistany örän ýakyn ýurt, hoşniýetli giňeldilen goňşuçylygymyzda ýakyn hyzmatdaş hökmünde hasaplaýar. Sebäbi biziň iki ýurdumyz hem Owganystan bilen serhetleşýär, şonuň üçin biz goňşy döwletlerdiris diýsek ýalňyşmarys» – diýip, diplomat belledi hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň birnäçe müň ýyllyk taryhy kökleriniň bardygyny aýtdy.
Ilçi Hindi̇stanyň 1991-nji ýylda Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden ýurtlaryň biri bolandygyny hem-de Aşgabatda hemişelik ilçihanasyny açandygyny ýatlatdy. Onuň sözlerine görä, soňky ýyllarda ýokary derejedäki birnäçe saparlar amala aşyryldy. Şol sanda 2010-njy ýylda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hindi̇stana sapary, 2015-nji ýylda Hindi̇stanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana sapary we 2022-nji ýylda Hindi̇stanyň Prezidentiniň sapary boldy.
«Geljek ýylda, 2026-njy ýylda hem ýokary derejedäki özara saparlaryň bu däbini dowam etdireris diýip umyt edýäris», – diýip Wilsonbabu belledi.
Diplomat dünýäde möçberi boýunça dördünji orunda durýan we iň çalt ösýän iri ykdysadyýet bolan Hindi̇stanyň öz tejribesini we bilermenlik mümkinçiliklerini Türkmenistan bilen paýlaşmaga taýýardygyny aýtdy. Hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň hatarynda maglumat tehnologiýalary, derman senagaty, saglygy goraýyş we bilim ulgamlary, mümkinçilikleri artdyrmak, şeýle hem tebigy baýlyklary özleşdirmek we durnukly peýdalanmak ýaly ugurlar bellenilip geçildi.
Ilçi şeýle hem hindi dilini wagyz etmekde we öwrenmekde berýän goldawy üçin Türkmenistanyň Hökümetine hem-de Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna minnetdarlyk bildirdi. Ol Türkmenistanyň arasynda hindi medeniýetiniň, aýdym-sazlarynyň, tansynyň, ýoganyň, aýurwedanyň we kino sungatynyň meşhurlygyna kanagatlanma bildirdi.
10-njy ýanwarda bellenilýän Bütindünýä hindi dili gününe bagyşlanan çäre hindi jemgyýetiniň wekillerini, Hindi̇stanyň dostlaryny we türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdelerini bir ýere jemledi. Çäräniň dowamynda dünýä dilleri institutynyň talyplary edebi kompozisiýa bilen çykyş etdiler, aýdym-sazly çykyşlar ýaňlandy, ýoga görkezildi hem-de hindi milli tagamlary bilen tanyşdyryldy.
Hindi dili dünýäde ýaýraýşy boýunça üçünji orunda durýar we hindi dilinde 600 milliondan gowrak adam gürleýär.

