Turkmenportal logo
Düýn 09:21
1644516445
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky Amerikan merkezi programmirleme boýunça okuw geçirýär
Aşgabatdaky Amerikan merkezi programmirleme boýunça okuw geçirýär

Aşgabatdaky Amerikan merkezi 28-nji ýanwarda başlanjak üç aýlyk programmirleme boýunça okuwa kabul edilýändigini mälim etdi.

Web-işläp taýýarlamak (Web Development) boýunça okuw 19–35 ýaş aralygyndaky raýatlar üçin açykdyr.

Programma üpjünçiligini döretmek (App Development) boýunça okuw bolsa 15–18 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary üçin niýetlenendir.

Iki okuw hem häzirki zaman programmirleme dillerini we gurallaryny öz içine alýar, sapaklar hepdede üç gezek geçirilýär.

Okuw tamamlanandan soň jemleýji hakaton geçiriler.

Okuwa ýazylmak üçin arzalar 24-nji ýanwara çenli kabul edilýär.

Arza degişli salgy boýunça elýeterlidir.