Geçen ýylyň 11 aýynda Türkmenbaşy nebit gaýtadan işleýän zawodlar toplumy 4 million 506 müň tonnadan gowrak nebiti gaýtadan işledi.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň saýtynda habar berilýän maglumatlara görä, bu görkeziji meýilnamadan 6,7% ýokarydyr.
Şol döwürde dürli görnüşli ýokary hilli benziniň takmynan 1 million 345 müň tonnasy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Mundan başga-da, kerosiniň, dizel ýangyjynyň, mazutyň, polipropileniň, çalgy ýaglarynyň, nebit koksunyň, nebit bitumynyň we suwuklandyrylan gazyň öndürilişinde hem ýokary netijelere ýetildi.
Nebit gaýtadan işleýän zawodlar toplumy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, täze önümçilik desgalary bilen enjamlaşdyrylýar. Bu ýerde uglewodorod çig malyndan öndürilýän önümler ýokary standartlara doly laýyk gelýär — diýip, çeşmede bellenilýär.

