Turkmenportal logo
07.01.26
2066420664
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda salgyt kanunçylygyna girizilen üýtgeşmeler boýunça seminar geçiriler
Türkmenistanda salgyt kanunçylygyna girizilen üýtgeşmeler boýunça seminar geçiriler

Aşgabat şäher salgyt bölümi salgyt töleýjileri Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna girizilen üýtgeşmeler we goşmaçalar boýunça geçiriljek seminar-maslahat barada gyzyklanma bildirýän taraplara mälim edýär.

Çäre 2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda sagat 10:00-da Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň zalynda geçiriler. Seminara paýtagtyň Büzmeýin, Bagtyýarlyk, Köpetdag we Berkararlyk etraplarynyň salgyt bölümleriniň wekilleri gatnaşarlar.

Maslahatda ýurduň salgyt kanunçylygyna ýakynda girizilen üýtgeşmeler bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.