Turkmenportal logo
07.01.26
144383144383
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 1-nji ýanwardan «Wirtual aktiwler hakynda» kanun güýje girdi
Türkmenistanda 1-nji ýanwardan «Wirtual aktiwler hakynda» kanun güýje girdi

Türkmenistanda 1-nji ýanwardan kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini kanunlaşdyrýan «Wirtual aktiwler hakynda» kanun güýje girdi. Bu kanun ýurduň çäginde wirtual aktiwleriň döredilmegini, çykarylmagyny, saklanylyşyny we dolanyşygyny düzgünleşdirýär. Şol bir wagtyň özünde kriptowalýutalar töleg serişdesi, pul birligi ýa-da gymmatly kagyz hökmünde ykrar edilmeýär, emma raýat hukugynyň obýekti bolup biler.

Ähli maýnerler wirtual aktiwler ulgamynda ygtyýarly edara bolup durýan Türkmenistanyň Merkezi bankynda döwlet bellige alynyşyndan geçmelidirler. Bellige alyş diňe elektron görnüşinde internet arkaly amala aşyrylýar, şahadatnama bolsa möhletsiz berilýär. Kanun gizlin maýningi — üçünji taraplaryň hasaplaýyş kuwwatlarynda olaryň razyçylygy bolmazdan kriptowalýuta gazanmak maksady bilen ulanmagy — berk gadagan edýär.

Kriptobiržalaryň we wirtual aktiwler boýunça hyzmaty üpjün edijileriň işi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan berilýän ygtyýarnamalaryň esasynda amala aşyrylýar. Kriptobiržalaryň esaslandyryjylary Türkmenistanyň dahyllylary hem-de dahylsyzlary bolup biler. Şol bir wagtyň özünde kanunda berk çäklendirmeler göz öňünde tutulýar: ofşor zolaklarynda hasaba alnan şahslaryň, syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň, şeýle-de kazyýetlik borjy aýrylmadyk ýa-da terrorçylyk we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýramagyny maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly sanawlara girizilen fiziki we ýuridiki şahslaryň gatnaşmagy gadagan edilýär.

Ýurduň çäginde wirtual aktiwleriň çykarylmagy Türkmenistanyň Merkezi bankynda hökmany döwlet bellige alynyşyna degişlidir. Şeýle hem resminama döwlet nyşanlarynyň ulanylmagyna berk çäklendirmeleri girizýär: maýnerlere, emitentlere we operatorlara atlarynda «döwlet», «Türkmenistan», «türkmen», «milli» sözlerini islendik görnüşde we islendik dilde ulanmak gadagan edilýär. Alyş-çalyş operatorlaryndan başga ýagdaýlarda, karz edaralaryna kriptowalýutalaryň satyn alynmagy we satylmagy boýunça hyzmatlary bermek gadagan edilýär.

Kanun kriptowalýutalaryň mahabatyna hem berk talaplary kesgitleýär. Mahabat serişdelerinde töwekgelçilikler we serişdeleriň doly ýitirilip bilinjekdigi barada duýduryşlar, şeýle-de wirtual aktiwleriň döwlet tarapyndan kepillendirilmeýändigi baradaky maglumatlar hökmany görkezilmelidir. Mahabatda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň keşplerini ulanmak, şeýle-de kriptowalýutalar bilen bagly amallary aňsat baýlaşmagyň ýoly hökmünde görkezmek gadagan edilýär. Döwlet wirtual aktiwleriň gymmatynyň pese düşmegi ýa-da ýitirilmegi üçin jogapkärçilik çekmeýär.