Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy diplomatik wekilhananyň binasynda içerki abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen bildirişde habar berilýär.
Bäsleşige gurluşyk-abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin degişli ygtyýarnamasy bolan guramalar gatnaşyp bilerler. Arzalar bildirişiň çap edilen gününden başlap, 10 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.
Gyzyklanma bildirýän kompaniýalar resminamalary şu salga tabşyryp bilerler: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 17.
Goşmaça maglumat almak üçin (+99312) 48-22-95 we 48-22-96 telefon belgilerine ýüz tutup ýa-da kgembassy.tm@mfa.gov.kg elektron poçta salgysyna ýüzlenip bilersiňiz.

