Turkmenportal logo
06.01.26
2865328653
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistan Türkmenistan bilen serhedindäki Düýeboýun suw howdanynyň kuwwatyny artdyrar
Özbegistan Türkmenistan bilen serhedindäki Düýeboýun suw howdanynyň kuwwatyny artdyrar

Özbegistan Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän Düýeboýun suw howdanyny göwrümini giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada upl.uz saýty habar berýär.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedinde, Amyderýanyň ugrunda iri gidroenergetika desgasynyň biri bolan — Düýeboýun gidrouzeli ýerleşýär. Gidrouzel 30 sany möhüm gidrotehniki desgalardan hem-de özara kanallar we şlýuzlar ulgamy arkaly baglanyşýan 4 sany Ruslowoýe, Soltansanjary, Gapara we Goşbulak suw howdanyndan ybaratdyr. Gidrouzel suwy esasan gyş-ýaz aýlarynda ýygnaýar we toplanan suw serişdelerini ekin meýdanlaryny suwarmak döwründe ulanýar.

Berilýän maglumatlara görä, taslama bu strategik taýdan möhüm desganyň göwrümini goşmaça 1 milliard kub metr artdyrmagy göz öňünde tutýar.