Turkmenportal logo
06.01.26
3062130621
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» «Al-Nasr» bilen oýundan öň hüjüm ediji hataryny güýçlendirdi
«Arkadag» «Al-Nasr» bilen oýundan öň hüjüm ediji hataryny güýçlendirdi

«Arkadag» futbol kluby Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparyna garşy AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final oýunlarynyň öňüsyrasynda milli ýygyndynyň iki hüjümçisi bilen şertnama baglaşandygyny mälim etdi. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berýär.

Toparyň täze oýunçylary — «Köpetdagyň» 22 ýaşly hüjümçisi Daýanç Meredow hem-de «Altyn Asyryň» 24 ýaşly hüjümçisi Rahman Myratberdiýew boldy.

Baş tälimçi Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky toparyň düzüminde portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu hem çykyş edýän «Al-Nasr» bilen ilkinji duşuşygy 11-nji fewralda geçiriler. Jogap oýny bolsa 18-nji fewralda meýilleşdirilýär.

Mundan ozal «Arkadagyň» düzümine 25 ýaşly ýarym goragçy Meýlis Diniýewiň goşulandygy mälim bolupdy. Ol ozal «Kyrgyzaltyn» we «Ahal» toparlarynda çykyş edipdi.