Turkmenportal logo
05.01.26
4102541025
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystan Türkmenistandan geçýän üstaşyr ýoluň Eýrana çykmagynyň aýdyň geljegini görýär
Gazagystan Türkmenistandan geçýän üstaşyr ýoluň Eýrana çykmagynyň aýdyň geljegini görýär

Gazagystan Türkmenistandan Eýranyň deňiz portlaryna çykýan ulag ýoluny üstaşyr gatnawlarynyň ösüşinde geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde garaýar. Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Gazagystanyň «Turkistan» gazetinde beren interwýusynda nygtaýar.

«Biziň ýurdumyz Hytaýyň «Bir guşak – Bir ýol» atly uly taslamasynyň, «Demirgazyk – Günorta» geçelgesiniň, şeýle hem Hazarüsti ulag ýolunyň ýa-da «Orta geçelgäniň» ösüşine işjeň gatnaşýar. Biz «Russiýa – Gazagystan – Türkmenistan – Eýran» ýolunyň deňiz portlaryna çykýan gatnawlaryny geljegi uly diýip hasaplaýarys. Hytaýyň «Orta geçelgäniň» işine goşulmagyny hoşallyk bilen garşylaýarys» — diýip, Tokaýew belleýär.

Döwlet Baştutany ulag-logistika pudagyndaky mümkinçilikleriň uludygyny nygtaýar: «Umuman, bu pudakda mümkinçilikler örän giňdir. Bu ýerde mesele diňe infrastruktura bilen çäklenmeýär. Bu möhüm nokatda biziň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary diýen ýaly birleşýändir» — diýip, Gazagystanyň Prezidenti nygtaýar.

Tokaýewiň belleýşi ýaly, Gazagystanyň hökümetiniň öňünde häzirki zaman inženerçilik we hyzmat infrastrukturasyna eýe bolan ulag-logistika merkezlerini gurmak, deňiz portlaryny, howa menzillerini, demir ýol wokzallaryny döwrebaplaşdyrmak we abatlamak, şeýle hem täsirli sanly ekoulgamy döretmek wezipesi goýuldy.