Turkmenportal logo
05.01.26
5212352123
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Owganystan we Türkiýe 6,3 million dollarlyk türkmen harytlaryny satyn aldylar
Owganystan we Türkiýe 6,3 million dollarlyk türkmen harytlaryny satyn aldylar

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwda geleşikleriniň 12-si hasaba alyndy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. 

Eksport ugurly geleşikleriň esasynda owganystanly işewürler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen karbamidi, türkiýeli telekeçiler bolsa portlandsementini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 6,324 million amerikan dollaryna deň boldy. 

Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin jemi bahasy 333 million manatlyk «Türkmenhimiýa» tarapyndan öndürilen kaliý hloridini we tehniki kükürt kislotasyny, şeýle-de pagta süýümini we dokma önümlerini satyn aldylar.