Turkmenportal logo
05.01.26
1496814968
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Federal Prezidentini 70 ýaş toýy mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Federal Prezidentini 70 ýaş toýy mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere şanly 70 ýaş toýy mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutanynyň hatynda iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigi we mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygy, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de täze sepgitlere ýetirilmegine uly ähmiýet berilýändigi nygtalýar.
Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Federal Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýere berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň halkynyň abadançylygyna we gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.