Turkmenportal logo
04.01.26
1088010880
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň efir ýagly ösümlikleri: türkmen tilkiçaýy
Türkmenistanyň efir ýagly ösümlikleri: türkmen tilkiçaýy

Türkmen tilkiçaýy (Stachys turcomanica) — dodakgülliler maşgalasyna degişli ýarym gyrymsy ösümlikdir.

Türkmenistanda onuň 4 görnüşi duş gelýär: eýran tilkiçaýy, ak tüýli tilkiçaý, üç damarly tilkiçaý  we türkmen tilkiçaýy.

Türkmen tilkiçaýy Uly Balkanda, Kiçi Balkanda, Kürendagda, Günorta-Günbatar Köpetdagda, Merkezi we Gündogar Köpetdagda hem-de Bathyzda ýaýrandyr.

Bu köp ýyllyk, ýarym hemişe gök öwüsýän ösümligiň boýy 15–30 sm çenli ýetýär, ok görnüşli köki bar. Maý–iýun aýlarynda gülläp, iýun–awgust aralygynda miwe berýär. Tohum arkaly köpelýär. Seýrek ösýän ösümlik hasaplanmaýar.

Tilkiçaý urugynyň görnüşleri gadymy eýýamdan bäri dermanlyk ösümlik diýlip hasaplanýar. Türkmen tilkiçaýynyň düzüminde 0,033–0,150% efir ýagy (limonen, kampfen, beta-pinen, 1,8 sineol) kumarinler, flawonoidler, betamizin, uglewodlar, fenolkarbon turşulyklary we K witamini  saklanýar.

Onuň miwe berýän döwri efir ýagynyň iň köp toplanýan wagty hasaplanýar. Miwelerinde 0,11–0,14% efir ýagy bolýar.

Dermanlyk çig maly hökmünde ösümlik gülläp oturan döwürde ýygnalýar. Türkmen halk lukmançylygynda onuň gabygyny we şiresini ýürek‑damar kesellerinde, gan aýlanyşynyň bozulmalarynda ulanýarlar. Şeýle hem ýaralaryň bitmegini çaltlaşdyrmak üçin ýapgy görnüşinde peýdalanylýar.

Onuň efir ýagy atyr‑parfýumeriýa senagatynda giňden ulanylýar.

Çeşme: mineco.gov.tm