Turkmenportal logo
Şu gün 13:49
1015710157
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Medwedew: Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine laýyk gelýär
Medwedew: Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine laýyk gelýär

Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Täze ýyl mynasybetli ýollan gutlag hatynda Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine laýyk gelýändigini nygtady.

«Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Geçen ýylda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň döwletlerimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň hem-de Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine laýyk gelýändigine ynanýaryn» diýip, D.Medwedew öz gutlagynda nygtaýar. Gutlag dolulygyna TDH-niň saýtynda çap edildi.

Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary öz gutlagynyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýär.