Turkmenportal logo
02.01.26
2258422584
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2026-njy ýylda doglan ilkinji çaga Atamyrat diýlip at goýuldy

1-nji ýanwarda Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde ýurt boýunça «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ilkinji çaga dünýä indi. Asylly däbe eýerip, oglanjyga onuň ata-enesi Gaýypowlar täze ýylyň ruhuna laýyk gelýän Atamyrat diýip at goýdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. 

Habarda bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň ilkinji minutlarynda Aşgabat şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary — Şeker hem-de Emir Gaýypowlaryň ilkinji ogul perzende gözi düşdi. Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň döwrebap binasynda agzybir maşgalanyň şatlygyna şärik bolan türkmenistanlylar täze doglan çagany ýüze syldylar. Onuň ýaşynyň uzyn bolmagy, il-güne gerekli gerçek ýigit bolup ýetişmegi baradaky ýagşydan-ýagşy arzuw-dilegler edildi. 

Şeýle hem Gahryman Arkadagyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Gaýypowlaryň maşgalasyna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy, gutlag sözleri, iň gowy arzuwlar aýdyldy. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, Aşgabat şäherindäki şeýle döwrebap merkezleriň birinde dünýä inen Atamyratjyk sagdyn doguldy. Onuň agramy 3001 gram, boýy bolsa 48 santimetr. Bäbejige we onuň ejesine lukmanlardyr şepagat uýalary tarapyndan ähli degişli gözegçilik işleri öz wagtynda geçirilýär.