Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Gahryman Arkadagyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden dabaranyň çäklerinde çagalar dürli süýjüliklerden we naz-nygmatlardan, okuw esbaplaryndan, interaktiw serişdelerden ybarat bolan sowgatlary uly hoşallyk duýgulary bilen kabul etdiler.
Bu ýerde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çagalara ilkinji gezek saz gurallary hem sowgat berildi.
Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesillerde döredijilik ukybyny ösdürmek, olaryň aýdym-saza höwesini artdyrmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň nyşanydyr diýlip, habarda bellenilýär.

