Turkmenportal logo
Düýn 20:22
58305830
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýe Hytaýyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär
Türkiýe Hytaýyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Hytaý Halk Respublikasynyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizmek baradaky №10798 belgili Prezident Kararyna gol çekdi. Resminama 2025-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Resmi Gazete resmi neşirinde çap edildi.

Bu karara laýyklykda adaty pasporty bolan Hytaý Halk Respublikasynyň raýatlary syýahatçylyk maksady bilen ýa-da üstaşyr geçmek üçin Türkiýä wizasyz girip bilerler. Wizasyz bolmagyň möhleti her 180 günlük döwürde 90 güne çenli rugsat edilýär.

Täze düzgünler 2026-njy ýylyň 1-nji fewralyndan güýje girer. Bu karar daşary ýurtlylar we halkara goragy baradaky № 6458 belgili kanunyň 18-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi.