Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze 2026-njy ýyl bilen baglanyşykly daşary ýurt döwletleriniň baştutanlaryndan gutlag hatlaryny aldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Hususan-da, türkmen döwletiniň baştutanyny Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon maşgalasy bilen, Polşo Respublikasynyň Prezidenti Karol Nawroskiý, Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah, Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella we beýlekiler gutladylar.
Daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary öz hatlarynda geçen ýylda Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine ýokary baha berdiler we mundan beýläk-de pugtalanjakdyklaryna ynam bildirdiler.

