GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, Arkalaşygyň nobatdaky sammiti 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanda geçiriler. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri şu gün Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda belledi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadag Türkmenistanyň geljek ýylda hem Russiýa bilen ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň ruhunda köpugurly we ulgamlaýyn häsiýete eýe bolan özara gatnaşyklary, şeýle hem köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki dialogy dowam etmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadag GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, Arkalaşygyň sammitiniň 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanda geçiriljekdigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, türkmen tarapy bu sammiti iri halkara forumlary geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde Zenanlaryň dialogyny, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisini, Demografiýa meseleleri boýunça maslahaty geçirmäge taýýarlyk görmegiň möhümdigi bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ozalky duşuşyklaryň netijelerinden görnüşi ýaly, şeýle formatlarda özara hyzmatdaşlygy dowam etmegiň hem-de baýlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy hem-de türkmen tarapynyň şeýle çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Modanyň Arkalaşygy» atly IV halkara forumyň işine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga amala aşyran saparynyň iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik we Forumyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik, netijeli, özara hormat goýmak häsiýetine eýe bolan iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň, ynanyşmagyň Türkmenistan bilen Russiýanyň häzirki gatnaşyklaryny emele getirýändigini aýratyn nygtady hem-de döwletara hyzmatdaşlygyny şeýle ýokary netijä ýetirmekde Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň uly hyzmatynyň bardygyny aýtdy. Şeýle-de Gahryman Arkadag geljek ýylda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen gepleşikleriň geçiriljekdigine hem-de onuň netijeleriniň türkmen-rus gatnaşyklaryny täze derejelere çykarjakdygyna ynam bildirdi.
Walentina Matwiýenko türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge goşandy we tagallalary netijesinde Türkmenistanda uly abraýdan peýdalanýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna hut öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadag geljek ýylda Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygynda Federasiýa Geňeşiniň işiniň hasam netijeli boljakdygyna, Russiýanyň bähbidine we onuň halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat etjekdigine, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň hem-de iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluga we özara gatnaşyklara oňyn itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Walentina Matwiýenko türkmen halkynyň Milli Lideriniň hoşniýetli sözleri we iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda alyp barýan işine beren ýokary bahasy üçin hoşallyk bildirdi hem-de Russiýanyň iki döwletiň halklarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda berk ygrarlydygyny tassyklady.

