Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadag we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy birek-biregi ýetip gelýän täze, 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, agzybirlik, rowaçlyk arzuw etdiler.
Gahryman Arkadag telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin Walentina Matwiýenko minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaralara hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmagynyň Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky hoşniýetli dostlugy we strategik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam berendigini, ýurtlaryň umumy taryhy mirasynyň häzirki döwürde aýawly saklanýandygyny hem-de däp-dessurlara ygrarlydygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadag Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Hatyra otlusy» başlangyjynyň Türkmenistan tarapyndan goldanandygyny oňa ýurduň mekdep okuwçylarynyň gatnaşandygyny aýtdy hem-de şeýle möhüm çäräniň ýokary guramaçylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi hem-de onuň hoşniýetli dostluga esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýeti nygtaldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

