Turkmenportal logo
30.12.25
5484554845
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýanwar aýyndaky dynç alyş günlerini yglan etdi

2026-njy ýylyň 1-2-nji we 7-nji ýanwary Belarus Respublikasynda baýramçylyk günleri bolandygy sebäpli, Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasy we konsullyk bölümi ýapyk bolar.

Hususan-da, ilçihana öz resmi web sahypasynda şol günlerde konsullyk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edilmejekdigini yglan etdi.

1-nji we 2-nji ýanwarda Belarusda resmi taýdan Täze ýyl, 7-nji ýanwarda bolsa Roždestwo baýramy bellenilýär.