Turkmenportal logo
30.12.25
2054320543
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda awtomobil ulaglary arkaly ýük daşamak işini ygtyýarnamalaşdyrmagyň düzgünleri üýtgedildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Awtomobil ulagy arkaly ýük daşamak işini ygtyýarnamalaşdyrmak baradaky» Düzgünnamany tassyklamak hakynda №1629 belgili Karara gol çekdi.

Bu resminama laýyklykda, awtomobil ulagy arkaly ýük daşamak işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama almak boýunça talaplar we şertler ýönekeýleşdirildi. Şeýle hem zerur resminamalaryň sanawy kämilleşdirildi.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi 2026-njy ýylyň ýanwarynda fiziki we ýuridiki şahslardan resminamalary kabul edip başlar. Ýurduň sebitlerinde resminamalaryň kabul edilişi aragatnaşyk ulgamy arkaly guraldy.

Goşmaça maglumatlar awtoulag.gov.tm resmi internet sahypasynda elýeterlidir.

Habarlaşmak üçin ministrligiň telefon belgisi: 39-02-94.