Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 972 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň, Gruziýanyň telekeçilerine nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 345 million 219 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy, nebit koksuny we polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), hlorly kalini («Türkmenhimiýa» döwlet konserni), portlandsementi, nah ýüplügi satyn aldylar.

