Turkmenportal logo
29.12.25
1479414794
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmennebitönümleri» ýaşaýyş –jemagat hojalygy kärhanasy çagalar üçin Täze ýyl dabarasyny geçirdi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Baş müdirligine degişli bolan «Türkmennebitönümleri» ýaşaýyş-jemagat hojalygy kärhanasy öz işgärleriniň çagalary üçin Täze ýyl baýramçylygyny — Täze ýyl arçasynyň ýanynda ertekili dabara geçirdi.

Çäre «Ýyldyz» medeni-dynç alyş merkezinde geçirildi – diýip, ussatnews.com habar berýär. Çagalaryň öňünde A. S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň artistleri we Türkmenistanyň döwlet sirkiniň gözbagçysy gyzykly sahna oýunlary bilen çykyş etdiler.

Çagalar Aýaz baba hem-de Garpamyk bilen bilelikde baýramçylyk arçasynyň daşyndan aýlanyp, tans etdiler we dürli oýunlara gatnaşdylar.

Baýramçylyk şatlygynyň ahyrynda kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi çagalar we olaryň ene-atalary üçin datly süýjülikleri hödürledi.

Her bir kiçijik gatnaşyjy Täze ýyl sowgadyna mynasyp boldy – diýip, çeşmede bellenýär.