Mot lakamy bilen tanalýan rus reperi Matweý Melnikow Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda konsert berer. Konsert 28-nji dekabrda sagat 18:00-da Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler.
Artistiň aýtmagyna görä, soňky 15 ýylyň dowamynda döredijilik we konsert işi bilen meşgullanyp gelýändigine garamazdan, ol şu wagta çenli Aşgabatda hiç wagt çykyş etmändir.
«Soňky 15 ýylda döredijilik we konsert işi bilen meşgullanyp gelýärin, emma nähilidir bir sebäbe görä, şu wagta çenli Aşgabatda bolmandyryn. Ine, şu gün bolsa, bu kemçiligi aradan aýyrmak üçin geldik» – diýip, reper Türkmenistana geleninden soň metbugat wekillerine gürrüň berdi. Onuň sözlerini Türkmenistanyň Telewideniýe, radigepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara habarlar merkezi paýlaşdy.
Reper Aşgabadyň halkara howa menzilinde mähirli garşy alnandygyny aýratyn belläp geçdi.
«Milli lybasly adamlaryň, asylly däbe görä, duz-tagam bilen garşy almagy arkaly siziň myhmansöýerligiňizi we mähirli garaşylaýandygyňyzy eýýäm duýduk. Bu ýerde öň hiç wagt bolmandygymyza garamazdan, özümizi edil öýümizdäki ýaly duýýarys» – diýip, Mot belledi.
Şeýle hem artist Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny konserde gatnaşmaga çagyrdy.

