Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, asylly däbe görä, ýurduň Baş arçasynyň ýanynda hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy. Bu waka çagalarda aýratyn şatlyk duýgusyny döretdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
«Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini ýaşajyk türkmenistanlylar öz öwrenen goşgularyny aýdyp garşyladylar. Täze ýylyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamyk hem baýramçylyk gutlaglaryny beýan etdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bagtyýar körpeleriň haýyşy boýunça Aýazbabadyr Garpamyk, şeýle-de geçip barýan ýylyň we täze ýylyň nyşanlarynyň keşbindäki körpeler, köp sanly şadyýan çagalar bilen ýurduň Baş arçasynyň daşyndan aýlandy. Şadyýan çagalar, teatr we sirk artistleri döredijilikli çykyşlary ýerine ýetirdiler. Bagtyýar çagalara döwlet Baştutanynyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl mynasybetli bagtyýar körpeleriň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda guralan baýramçylyk çäresine hem gatnaşdy.
Bu ýerde bagtyýar çagalar, teatr we sirk artistleri, sungat ussatlary döredijilikli çykyşlary ýerine ýetirdiler. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň işgärleri hem tomaşaçylaryň öňünde çykyş etdiler. Täze ýyl mynasybetli, baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylara süýjülik torty paýlanyldy.

