Turkmenportal logo
24.12.25
2411824118
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti ITER guramasynyň dolandyrylýan termoýadro energiýasyny almak baradaky işleri bilen tanyşdy
Surat: tdu.edu.tm

17 — 21-nji dekabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýa Respublikasynyň Sen-Pol-de-Dýurans şäherinde iş saparynda boldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti bu şäherde ýerleşýän Halkara ITER (International Thermonuclear Experimental Reactor) guramasynyň dolandyrylýan termoýadro energiýasyny almak hem-de ony ekologik taýdan arassa we tükeniksiz elektrik energiýasynyň çeşmesine öwürmek boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdy.

Iş saparyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi A.Amanmädow hem-de radiofizika we elektronika hünäriniň 1-nji ýyl talyby M.Kakamyradowa gatnaşdy diýlip, uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi.