Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda tamamlanan tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogyna Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan we Aşgabatdan 72 türgen (47 erkek we 25 zenan) gatnaşdy. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan guralan bu ýaryş ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Erkekleriň ýekelikdäki final duşuşygy milli ýygyndy toparyň tälimçisi 30 ýaşly Ýuriý Rogusskiý bilen onuň şägirdi Allanur Daýanjowyň arasynda geçirildi.
Üç sagat 20 minut wagt dowam eden final duşuşygynyň ykbaly hem goşmaça wagtda çözüldi. Birinji seti Ýuriý Rogusskiý 6:4 hasabynda ýeňdi. Ikinji set A.Daýanjowa 6:0 hasabynda üstünlik getirdi. Aýgytlaýjy setde Allanur goşmaça wagtda 7:6 hasabynda ýeňiş gazanyp, ilkinji gezek Türkmenistanyň Kubogyny gazandy.
Üçünji orun ugrundaky duşuşykda Didar Wepamyradowy 6:3, 6:4 hasabynda ýeňen Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynyň ýene bir ýeňijisi, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň 26 ýaşly tälimçisi Meýlis Orazmuhammedow ilkinji üçlügiň soňky setirini eýeledi.
Zenanlaryň ýaryşynda Aşgabat şäherindäki 27-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Aýnur Möwlamowa ilkinji gezek Türkmenistanyň Kubogyny gazandy.

