Türkmenistanyň «Ahal» futbol kluby 23-nji dekabrda Iordaniýanyň «Al-Husseýn» toparyna garşy AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky soňky duşuşygyny Ammanda geçirer.
«Ahal» toparçalaýyn tapgyrda üç duşuşyk geçirip, bir utuk toplady we pleý-off tapgyryna çykmak mümkinçiligini ýitirdi.
Toparçalaýyn tapgyryň ilkinji oýnunda «Ahal» myhmançylykda Hindistanyň «Mohun Bagan» toparyny 1:0 hasap bilen ýeňdi. Ýöne soňra Aziýanyň futbol konfederasiýasy «Sepahan» bilen duşuşyga gatnaşmandygy üçin hindi toparyny ýaryşdan çykardy we türkmen topary bilen geçirilen duşuşygyň netijesini ýatyrdy.
Ikinji oýunda «Ahal» öz meýdançasynda «Al-Husseýn» toparyndan 1:4 hasaby bilen ýeňildi.
Eýranyň «Sepahan» toparyna garşy duşuşyklarda türkmen kluby mynasyp oýun görkezdi. Ilkinji oýunda «Ahal» 0:1 hasaby bilen ýeňildi, ikinji oýunda bolsa 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. Iki duşuşyk hem Isfahanda geçirildi. Ilkibaşda oýunlaryň biri Arkadagda geçirilmeli edilse-de, AFK duşuşygy Eýrana geçirmek kararyna geldi.
Ozal «Ahal» toparynyň kapitany Elman Tagaýew toparyň ýaryşdaky netijesiniň ähmiýetiniň ýokdugyna garamazdan, soňky oýunda ýeňiş ugrunda göreşmäge taýýardygyny aýdypdy.
«Bu oýnuň indi hiç zat çözmeýändigini hemmeler bilýär. Biz elbetde göreşmäge gidýäris. Biz ýeňilmäge ýa-da oýny ýönekeý geçirsek bolýar diýip gitmeýäris» - diýip, Tagaýew Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Hytaý Taýbeýi bilen oýnundan soň geçirilen metbugat ýygnagynda belledi.
«Ahal» bilen «Al-Husseýn» toparynyň duşuşygy Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de başlanar. Oýnuň göni ýaýlymy AFK-nyň resmi YouTube kanalynyň üsti bilen elýeterli bolar.

