Ýaponiýanyň Hökümeti hususy pudak bilen bilelikde 3 trillion iýen (19 mlrd dollar) maliýe serişdesini emeli aňyň milli nusgasyny döretmäge goýbermekçi. Bu barada «Yomiuri» gazetine salgylanýan TASS habar berdi.
Bilelikdäki işe 10 sany ýerli kompaniýa, şol sanda «SoftBank» korporasiýasy gatnaşar. Neşiriň maglumatlaryna laýyklykda, ýurduň Hökümeti çykdajylaryň üçden bir bölegini öz egnine almakçy, galan serişdeleri hususy firmalar maýa goýmaly bolarlar.
Milli EA-ny işläp düzmäge 2026-njy ýylda başlanylar. Onda täze data-merkezleri gurmak hem göz öňünde tutulýar. Geljekde täze nusgany ýerli robot tehnikasynda peýdalanmak maksat edinilýär.

