Türkmenistanyň paýtagtynda — Sportuň gyşky oýun görnüşleri boýunça sport toplumynda — meşhur daşary ýurtly ýerine ýetirijileriň gatnaşmagynda Täze ýyl konsertleri geçiriler.
27-nji dekabrda sagat 18:00-da tomaşaçylaryň öňünde eýran‑şwed aýdymçysy Arash çykyş eder. 28-nji dekabrda 18:00-da rus reperi MOT (Matweý Melnikow) konsert berer. 29-njy dekabrda bolsa sagat 18:00-da türk aýdymçysy Semicenkiň konserti bolar. Baýramçylyk konsertleriniň toparyny türkmen estrada ýyldyzlarynyň dekabryň 30-na sagat 18:00-da geçiriljek konserti jemlär.
Ähli konsertler paýtagtymyzyň Sportuň gyşky oýun görnüşleri boýunça sport toplumynda geçiriler.
Biletleri satyn almak boýunça ähli soraglar bilen sport toplumynyň kassalaryna ýüz tutup bilersiňiz.

