Turkmenportal logo
22.12.25
2142621426
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy «Turkmenportaly» ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady

Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy hanym Neda Berger «Turkmenportalyň» redaksiýasyny ýetip gelýän Täze — 2026-njy ýyl bilen gutlady.

Hanym N.Berger gutlag hatynda «Turkmenportalyň» baş direktory Guwanç Nurmyradowa 16-njy dekabrda «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen tamamlanyp barýan ýylyň jemleýji duşuşygyna gatnaşanlygy üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de «Turkmenportal» ýolbaşçylarynyň çakylygy kabul edendigine we indiki ýyl Türkmen-Awstriýa Media jemgyýetiniň müdiriýetine goşulmagyna uly hormat goýýandygyny belledi.

Duşuşykda dostluk toparynyň 2026-njy ýyl üçin esasy taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Geljek ýylda gurama öz işini Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllygyna bagyşlaýar. Bu kampaniýa «Biziň çagalarymyz — biziň geljegimiz!» diýlip atlandyryldy.

Çäreleriň maksatnamasyna 2026-njy ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde geçiriljek haýyr-sahawat konsertine we awgust aýynyň ahyrynda Awazada geçiriljek 7-nji Wena balyna gatnaşmak girýär.

Hanym N.Berger öz gutlagyny geljek ýylda saglyk, bagt we ähli arzuwlaryň hasyl bolmagyny arzuw etmek bilen tamamlady.