Turkmenportal logo
21.12.25
6020860208
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň günbatarynda täze ýyladyşhana toplumy açyldy
Türkmenistanyň günbatarynda täze ýyladyşhana toplumy açyldy

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Nurly meýdan» daýhan hojalygynda gök önümleri ösdürip ýetişdirmek üçin döwrebap ýyladyşhana toplumy gurlup, ulanyşa girizildi — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Täze desganyň açylyş dabarasyna Balkan welaýatynyň we Bereket etrabynyň häkimlikleriniň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, hormatly il ýaşululary hem-de ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan desganyň gurluşygynda aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabaraly çäre welaýatyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary hem tanslary bilen utgaşdy.

Soňra il sylagly ýaşulularyň ak pata bermeginden soň, bu dabara gatnaşyjylar ýyladyşhananyň içine aýlanyp gördüler hem-de önümçilik mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Ýyladyşhananyň tutýan meýdany 10 gektara barabardyr. Daş-töweregi doly derejede abadanlaşdyrylan ýyladyşhananyň tehniki-kömekçi desgalary hem bar.

Şonuň ýaly-da döwrebap ýyladyşhanada Niderlandlaryň, Türkiýäniň, Gresiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň we beýleki ýurtlaryň önüm öndürijileriniň ösen tehnologiýalary we öňdebaryjy tehnikalary bilen birkemsiz üpjün edilipdir. Onuň ýyllyk önümçilik kuwwaty 2 müň tonna pomidory öndürmäge niýetlenendir.

Çeşmede bellenilişi ýaly, ýyladyşhanada öňdebaryjy Ýewropa döwletlerinden getirilen pomidoryň saýlama tohumlary ekilip, olar eýýäm önüm berip başlady.